“Google” we “Dell” bilelikde täze noutbuk çykardy

“Google” we “Dell” bilelikde täze noutbuk çykardy
Goraglylygy we dizaýny bilen öňe çykýan bu noutbuklar kompaniýalaryň IT ulgamlaryna aňsatlyk bilen ornaşdyrylyp bilner.

“Google” kompaniýasy tehnologiýa öndürijisi “Dell” bilen bilelikde “Chrome OS” dolandyryş ulgamy arkaly işleýän “Chromebook Enterprise” noutbuklaryny müşderilerine hödürledi.

Kompaniýanyň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, “Google” 2017-nji ýylda telekeçilik işi üçin niýetlenen “Chrome Enterprise” taslamasy bilen tanyşdyrypdy. “Dell” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenilip taýýarlanan “Chromebook Enterprise” noutbuklary iki görnüşde çykaryldy. Esasan IT işleri bilen meşgullanýan kärhanalar we telekeçiler üçin niýetlenen täze kompýuterleri taýýarlamakda “Google” we “Dell” kompaniýalary bir ýyldan gowrak bilelikde işlediler.

14 inçlik ekrany bolan “Latitude 5400” noutbugy 699 dollardan, 13 inçlik “Latitude 5300” kysymly noutbuk bolsa 819 dollardan satuwa çykarylar.

“Google”-yň beýanatyna görä, bu noutbuklary dünýäniň 50 ýurdynda “Dell” kompaniýasynyň bir ýyllyk goldaw paketi bilen satylar. Goraglylygy we dizaýny bilen öňe çykýan bu noutbuklar kompaniýalaryň IT ulgamlaryna aňsatlyk bilen ornaşdyrylyp bilner diýlip beýanatda aýdylýar.

“Chrome OS”-yň wise-prezidenti Jon Solomon “The Verge” neşirine beren beýanatynda gelejekde taslamany has hem giňeltmegi maksat edinýändiklerini belledi.

2022