Türkmenistan bilen Singapur salgyt we wiza ylalaşyklaryna gol çekişdi

BT
Türkmenistan bilen Singapur salgyt we wiza ylalaşyklaryna gol çekişdi
Surat: "The Straits Times"

Türkmenistan bilen Singapuryň arasynda syýahatçylyk, işewürlik we infrastruktura boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilikler bar diýip, Singapuryň Prezidenti Halima Yakob bu ýurda döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna berlen agşamlyk naharynda eden çykyşynda aýtdy. 

Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob Türkmenistanyň has köp syýahatçy çekmek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Aşgabadyň ak mermerli binagärlik keşbine hem-de taryhy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Gadymy Merw şäherine ünsi çekdi.

"Üstünlikli wakalar biziň bazarlarymyza has köp gyzyklanma döredip, has giň işewürlik gatnaşyklaryna ýol açar" diýip, Halima Ýakob öz çykyşynda aýtdy.

Agşamlyk nahary Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapura edýän iki günlük döwlet saparynyň jemleýji wakasy boldy. Bu saparyň dowamynda iki döwletiň arasynda üç sany Ylalaşyga gol çekişildi. Olaryň ikisi ýurtlaryň arasynda goşa salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de diplomatik, resmi we gulluk pasportlaryna eýe bolan raýatlaryň wiza talabyndan ikitaraplaýyn boşadylmagy hakyndaky ylalaşyklar, üçünjisi bolsa hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama boldy.

Agşamlyk naharynda çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga hem-de halkara gatnaşyklarda ähli taraplaryň bähbidine bolan deňhukukly ulgamy döretmäge iki ýurduň hem gyzyklanma bildirýändigini belläp geçdi.

"Türkmenistan bilen Singapur özara gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara çuňňur hormat, ynam we açyklyk ýörelgelerine daýanyp gurýar. Bu ýagdaý maslahat edilen ähli ugurlar boýunça netije gazanmakda we anyk çözgütleri tapmakda bize ýardam eder" diýip, döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda nygtady.

Ondan öň, sişenbe güni öýlän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň Prezidentiniň Istana köşgünde resmi dabara bilen garşylandy. Soňra türkmen Lideri Prezident Halima Ýakob bilen duşuşyk geçirdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Singapuryň Premýer-ministri Li Hsien Lung bilen hem gepleşik geçirip, Türkmenistanda amala aşyrylýan işler, şol sanda infrastruktura we transport pudagyndaky ösüşler barada gürrüň berdi. Liderler nebit-gaz, energiýa, transport, aragatnaşyk, bank we dokma senagaty pudaklaryny Türkmenistan bilen Singapuryň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlary hökmünde tassykladylar.

Türkmen Lideri sişenbe güni Aziýa medeniýetleri muzeýine hem baryp gördi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Singapura döwlet saparyny sişenbe güni agşam tamamlap, Türkmenistana dolandy.

2022