Eýranlylar Ahal welaýatynda öndürilýän harytlar bilen tanyşdylar

Eýranlylar Ahal welaýatynda öndürilýän harytlar bilen tanyşdylar
“Abadan haly” polipropilenden öndürilen haly we ýüplük önümlerini gyzyklanma bildirýänlere hödürledi. (Surat: Iranpress)

Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde Ahal welaýatynyň çäginde öndürilýän harytlaryň sergisi geçirildi. Sergi “Maşad Expo” halkara sergi merkezinde 25-27-nji awgustda guraldy.

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynyň dowamynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, iki ýurduň hususy sektorlarynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem, senagat, metallurgiýa we oba hojalyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Eýranyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsir edýändigi belläp geçdi.

Sergä Eýranyň we Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, ýerli kompaniýalar we ýurduň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Köp öwüşginli serginiň bölümlerinde Ahal welaýatynyň çäginde iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleriniň önümlerine aýratyn orun berildi. “Şerbetli ak gar”, “Çäksiz lezzet”, “Owadan Ülke”, “Ak suw”, “Saka”, “Hilli alýumin”, “Ak ýaýla” hojalyk jemgyýetleriniň, “Täç- hil” hususy kärhanasynyň, “Parasatly” daýhan hojalygynyň, “Çigildem” mebel kärhanasynyň sergi bölümlerine gyzyklanma uly boldy.

Şeýle hem ýurdumyzyň iň uly haly öndüriji hususy kompaniýasy bolan “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti polipropilenden öndürilen haly we ýüplük önümlerini gyzyklanma bildirýänlere hödürledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022