Kruiz syýahatçylygy sebitleri birleşdirýär

Kruiz syýahatçylygy sebitleri birleşdirýär
Mundan 10 ýyl ozal syýahatçylygyň bu görnüşinden peýdalanýanlaryň sany 18 milliona golaý bolsa, üstümizdäki ýylda bu görkezijiniň 30 milliona çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Zähmet rugsadyny okeanyň ortasynda kruiz gämisiniň üstünde geçirmek ýatdan çykmajak dynç-alyş pursatlaryna sebäp bolup biler. Yzy üzülmeýän “mawy tolkunlaryň” arasynda özüňe degişli balkonda ertirlik edinmek arkaly güne başlamak kruiz syýahatçylygyna bolan islegiň ýokarlanmagyna getirýän sebäplerden diňe biridir.

Mundan 10 ýyl ozal syýahatçylygyň bu görnüşinden peýdalanýanlaryň sany 18 milliona golaý bolan bolsa, üstümizdäki ýylda bu onuň 30 milliona çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Kruiz syýahatçylygyndaky mümkinçilikleri gören kompaniýalar öz gämilerini has ulaltmaga, hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga başladylar. Kompaniýalar bilen bir hatarda bu ulgamdan öz paýyny almak isleýän şäherler deňiz portlarynda kruiz gämilerini “myhman almaga” niýetlenen täze infrastrukturalary döretmäge girişdiler.

Dünýäniň iň uly dördünji kruiz kompaniýasy bolan “MSC Cruises” Günorta Afrika Respublikasynyň Durban şäherinde 13 million dollarlyk kruiz portuny gurar. Kompaniýanyň GAR-daky dolandyryjysy Ross Wolkyň “Moneyweb” neşirine beren beýanatyna görä, täze port bir wagtda 4 müň müşderä hyzmat etmäge niýetlener.

Hytaýyň kruiz bazarynyň 63 göterimine eýe bolan Şanhaý şäheri bolsa kruiz kompaniýalarynyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki merkezi bolmagy meýilleşdirýär. “Xinhua” habar agentliginiň habar bermeginde Şanhaýyň ýerli medeniýet we syýahatçylyk edarasynyň aýtmagyna görä, şäherde kruiz gämileriniň önümçiligi bilen bir hatarda sebitde kruiz syýahatçylygyna bolan islegi artdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Halkara Kruiz ugurlary assosasiýasynyň wekili Martin Griffitsiň “CNN Travel”-e beren beýanatyna görä Wenesiýa, Dubrownik we Barselona ýaly uly şäherlerde kruiz gämileri arkaly barýan syýahatçylaryň sany umumy syýahatçylaryň sanynyň 5 göterimine deňdir.

“Cruise Market Watch”-yň hasabatyna görä geçen ýyl okean kruiz syýahatçylygy bazarynyň umumy bahasy 45.6 million dollara ýetdi. Kruiz gämilerinde syýahat edenleriň sany bolsa 26 milliona ýetdi. Bu ugurda hyzmat edýän esasy kruiz kompaniýasy “Carnival Corporation & plc”-yň bazar paýy 39.4 göterime deň boldy. Kompaniýa 12 milliondan gowrak syýahatçy gatnatmak arkaly 18 milliondan gowrak girdeji gazandy.