Seýdiniň nebit kärhanasynda girdeji 345 million manatdan geçdi

Seýdiniň nebit kärhanasynda girdeji 345 million manatdan geçdi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2019-njy ýylyň ilkinji ýedi aýynda nebit önümleriniň eksportyndan alnan girdeji 345,6 million manatdan ybarat boldy.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2019-njy ýylyň ilkinji ýedi aýynda nebit önümleriniň eksportyndan alnan girdeji ýokarlandy we 345,6 million manatdan ybarat boldy. Bu barada nebitgaz pudagynyň resmi saýtynda agzalýar.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Üstümizdäki ýylyň 7 aýynda 324,6 müň tonna çig mal gaýtadan işlenip, bu görkeziji meýilnamanyň 116,6 göterimine deň boldy. Geçen ýylyň agzalýan döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 106 göterim artdy.

Şeýle hem dizel ýangyjynyň önümçilik meýilnamasy üstünlikli amala aşyryldy. Onuň önümçiligi 450 tonna golaýlady.

Ýokary hil standartyna gabat gelýän ýörite döwrebap enjamlarda öndürilýän bitumyň hem önümçiligi ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri bitumyň 19 müň tonna golaýy öndürildi. Şeýlelikde, meýilnamadan 2850 tonna artyk önüm öndürildi.

2022