Gazagystanda IX Merkezi Aziýa söwda forumy geçiriler

Gazagystanda IX Merkezi Aziýa söwda forumy geçiriler
Surat: «Catradeforum»

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Gazagystanyň Şymkent şäherinde 12-13-nji noýabrda sebitleýin söwda boýunça iri çäreleriň biri hasaplanýan dokuzynjy Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirer. Bu forum USAID-iň Merkezi Aziýada bäsdeşlik, söwda we iş orunlaryny döretmek boýunça taslamasynyň çäginde amala aşyrylýar. 

Foruma Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we ABŞ-niň kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan, döwlet edaralarynyň wekillerinden we pudak hünärmenlerinden ybarat 450 wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu ýyl forumda Merkezi Aziýa boýunça miwe we gök önüm pudagynda maýa goýum hem-de innowasion çemeleşmeler üns merkezinde bolar.

Forum bilen bilelikde 13-15-nji noýabrda Günorta Gazagystanyň oba hojalygynyň Sekizinji ýöriteleşdirilen Halkara sergisi geçiriler, onda oba hojalyk tehnikalary we enjamlary, miwe we gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin döwrebäp tehnologiýalar görkeziler.

Merkezi Aziýada sebitleýin söwda we ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça ýyllyk çäreleriň iň irileriniň biri hasaplanýan Merkezi Aziýa söwda forumy giň meşhurlyga eýe boldy. Geçen ýyl Özbegistanyň Daşkent şäheriniň platformasyna Aziýadan, Ýewropadan we ABŞ-den hususy we döwlet guramalarynyň 2000-den gowrak wekil, şeýle-de 27 ýurtdan hünärmen gatnaşdy. Gatnaşyjylar täze tehnologiýalary işläp düzmek, söwdanyň ösüşi, söwda ylalaşyklary we hyzmatdaşlyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022