Türkmenistan 47-nji agza hökmünde Yslam ösüş banky toparynyň agzasy bolan Yslam eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş guramasyna (ICIEC) goşuldy. Guramanyň metbugat beýanatyna görä, Türkmenistanyň bu gurama agzalygynyň binýady maý aýynda geçirilen X Halkara gaz kongresinde tutuldy.
Bu kongrese gatnaşan ICIEC-iň direktory Oussama Kaissi çäräniň dowamynda, esasan hem, nebit-gaz pudagyna üns bermek arkaly ICIEC-iň Türkmenistany goldamaga taýyndygyny beýan edipdi.
Kaissi Türkmenistanyň agzalygy bilen bagly: “Türkmenistanyň agzalygy ICIEC we Türkmenistanyň ykdysadyýeti we halky üçin bähbitli hyzmatdaşlygyň başlangyjydyr” diýdi.
Guramanyň hyzmatlarynyň dürli daşary ýurtly banklaryna, maýa goýujylara we ekpsort edijilere türkmen bazaryndaky işlerini aňsatlaşdyrjakdygyny bellän Kaissi: “ICIEC-iň risk dolandyryş we karz hyzmatlary ýurduň ykdysadyýetini güýçlendirmäge we ony diwersifikasiýalaşdyrmaga kömek eder” diýdi.
Türkmenistan Yslam ösüş banky toparyna 1994-nji ýylda agza boldy. Häzirki wagta çenli bu bank Türkmenistana bir milliard dollardan gowrak maliýeleşdiriş goldawyny berdi.