ABŞ hasabaty Lapis Lazuli bilen TOPH-nyň sebitleýin ykdysady ähmiýetini nygtaýar

BT
ABŞ hasabaty Lapis Lazuli bilen TOPH-nyň sebitleýin ykdysady ähmiýetini nygtaýar
TOPH taslamasy durumuşa geçirilenden soň, onuň 30 ýyldan gowrak wagtlap ýyllyk 33 milliard kubmetrlik türkmen gazyny Owganystana, Pakistana we Hindistana eksport etmegi göz öňünde tutulýar.

Owganystan daşary söwdasynyň 50 göterimden gowragyny öz goňşy döwletleri bilen amala aşyrýar – bu görkezijiniň Lapis Lazuli halkara ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça ylalaşyk ýaly başlangyçlar netijesinde sebitleýin üstaşyr çykdajylarynyň azalmagy bilen has hem ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu barada ABŞ-nyň Parahatçylyk institutynyň täzelikde çap eden ýörite hasabatynda aýdylýar.

Lapis Lazuli halkara ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça ylalaşyga 2017-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen RECCA konferensiýasynda gol çekildi. Bu taslama Owganystandaky biznesleri Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe bazarlaryna birikdirip, owgan telekeçileriniň has alyslardaky bazarlara barmagyna şert döredýär.

Hasabat Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gazgeçiriji taslamasy boýunça hem anyk öňegidişlikleriň gazanylýandygyna ünsi çekip, bu taslamanyň tehniki barlaglar we üpjünçilik tapgyryndan gurluşyk işlerine geçip başlandygyny belleýär.  

Türkmenistandaky “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegi bilen, TOPH taslamasy durumuşa geçirilenden soň, onuň 30 ýyldan gowrak wagtlap ýyllyk 33 milliard kubmetrlik türkmen gazyny Owganystana, Pakistana we Hindistana eksport etmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, TOPH taslamasy müňlerçe iş orunlaryny döredip, Owganystanyň gaznasyna ýyllyk takmynan 400 million ABŞ dollaryny getirer diýlip, maglumatda aýdylýar.    

Humaýun Hamidzada bilen Riçard Ponzionyň awtorlyk etmegine çap edilen hasabata görä, bu megataslama sebitleýin ykdysady gatnaşyklaryň depginini ýokarlandyryp, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezer.

Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan yzygiderli diplomatiki duşuşyklary geçirmek, Owganystana syýasy goldaw bermek we bu ýurt bilen serhetaşyr ykdysady hyzmatdaşlyga itergi bermek arkaly owgan parahatçylyk gepleşikleriniň üstüni ýetirip biljek uly mümkinçilige eýedir diýlip, hasabatda bellenýär.

ABŞ-nyň Parahatçylyk instituty (USIP) Amerikanyň federal guramasy bolup, onuň wezipeleri dünýäniň dürli künjeklerindäki düşünişmezlikleriň öňüni almak we olar boýunça degişli çözgütleri öňe sürmekden ybaratdyr. Bu institut ylmy barlaglary we seljermeleri yzygiderli çap edýär, şeýle-de diplomatiýa, araçylyk we parahatçylygy ýola goýmak babatda beýleki çäreler boýunça iş alyp barýan hünärmenlere tälim berýär. 

2022