“Shopify” 450 million dollara kompaniýa satyn aldy

“Shopify” 450 million dollara kompaniýa satyn aldy
Dolandyryş merkezi Kanadada ýerleşýän kompaniýa häzirki wagtda dünýäniň 175 ýurdunda 800,000-den gowrak telekeçilere e-söwda çözgütleri hödürleýär.

Elektron söwda platformy “Shopify” 450 million dollara ammarlar üçin gerekli bolan tehnologiýany işläp taýýarlaýan “6 River Systems” kompaniýasyny satyn aldy.

“Shopify”-yň metbugat beýanatynda täze geleşigiň kompaniýanyň iýun aýynda tanadan “Shopify Fulfillment Network” taslamasynyň ösüşini güýçlendirer diýilýär.

Kompaniýanyň direktory Tobi Lütke ylalaşyk barada: “Biz ‘6 River Systems’ bilen bilelikde dünýäniň ähli ýerlerindäki dürli görnüşli kompaniýalara önjeýli tehnologiýany we dolandyryş usullaryny getireris” diýdi.

“Shopify”-a goşulmak arkaly müşderi bilen e-söwda platformasynyň arasyndaky gatnaşyklara täze üýtgeşiklikler getirjekdiklerini aýdan “6 River Systems” kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan Jerom Dibo: “Biz öndürijiligi iki esse artdyrjak we takyklygy ýokarlandyrjak öwrenmesi aňsat çözgütlerimiz esasynda birnäçe biznes ugurlarynyň sargyt we eltip bermek hereketlerini kämilleşdirmegine kömek ederis” diýdi.

Täze ylalaşygyň “Shopify” kompaniýasynyň 2019-njy ýyldaky meýilleşdirilen çykdaýjysyny 25 million dollar artdyrmagyna garaşylýar.

Dolandyryş merkezi Kanadada ýerleşýän kompaniýa häzirki wagtda dünýäniň 175 ýurdunda 800,000-den gowrak telekeçilere e-söwda çözgütleri hödürleýär.

Ozalky “Kiva Systems”-iň (häzirki “Amazon Robotics”) ýolbaşçylary tarapyndan 2015-nji ýylda esaslandyrylan “6 River Systems” kompaniýasynyň 2020-nji ýylda ortaça 30 million dollarlyk girdeji gazanmagyna garaşylýandygy beýanatda aýdylýar.

2022