Iş maslahatynda maýa goýumlary çekmegiň we dolandyrmagyň meselelerine garaldy

BT
Iş maslahatynda maýa goýumlary çekmegiň we dolandyrmagyň meselelerine garaldy
“Daşary ýurt maýa goýumlary halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryndaky, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika toplumyndaky iri taslamalary maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

“Daşary ýurt maýa goýumlary halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryndaky, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika toplumyndaky, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek babatdaky, oba hojalygyndaky, ulag-kommunikasiýa ulgamyndaky iri taslamalary maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň gatnaşmagynda sişenbe güni geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Maslahatyň dowamynda ykdysadyýetiň pudaklaryny sanly ulgama geçirmegi maliýeleşdirmek, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, welaýatlary özgertmek, dünýäde Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ulag-logistika düzümini kemala getirmek meseleleri barada habar berildi.

Döwlet Baştutany daşary ýurt banklary hem-de halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň ykdysady ulgamynda maýa goýum hyzmatlaryny ösdürmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitläp, eýýäm däp bolan gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny belledi.

“Internet ulgamynyň we ykjam aragatnaşygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň hasabyna ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek gerek. Senagatlaşdyrmak maksatnamasynyň we beýleki maksatnamalaryň çäklerinde hususy ulgamyň wekilleriniň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň çalt ösýän kiçi we orta kärhanalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalary karzlaşdyrmak baradaky meselelere aýratyn üns bermek gerek” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi bankyň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem içerki bazary öz önümlerimiziň hasabyna doldurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini höweslendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýetine ünsi çeken döwlet Baştutany eksport ugurly pudaklaryň döredilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

2022