“Halkbank” kartlaryň 5 görnüşini hödürleýär

BT
“Halkbank” kartlaryň 5 görnüşini hödürleýär
Şeýle kartlardan ilkinjisi bolan “Aýlyk karty” eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli bolan edaralarda işleýän raýatlaryň aýlyk haklaryny nagt däl görnüşde almaga kömek edýär.

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky dürli görnüşli kartlaryň 5-sini hödürleýär. Şeýle kartlardan ilkinjisi bolan “Aýlyk karty” eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli bolan edaralarda işleýän raýatlaryň aýlyk haklaryny nagt däl görnüşde almaga kömek edýär.

Bankyň resmi internet sahypasynda berlen maglumata görä, “Halkbank” döwlet täjirçilik banky goýum bank kartyny hem müşderilerine hödürleýär. Bu hyzmatdan peýdalanýan müşderiniň kart goýum hasabyna nagt pul serişdeleri möhletsiz kabul edilýär. Kart goýumyň göterim derejesi ýyllyk 6,8% möçberinde kesgitlenip, kart goýumyna goşmaça möçberde nagt pul serişdesini kabul edilmegi göz öňünde tutulan. Müşderä goýumdan bölekleýin pul serişdeleri, şeýle hem her aýdaky hasaplanylýan göterimleri almaga rugsat berilýär. Müşderi “Goýum bank karty” bank kartynyň üsti bilen ähli nagt däl hasaplaşyk töleglerini amala aşyrýar, şeýle-de bankomatlardan nagt görnüşinde pul serişdelerini alyp bilýär. Bu kartdan peýdalanýan müşderi islendik wagt arzasy esasynda goýum hasabyndaky pul serişdelerini nagt gornüşinde alyp bilýär.

“Halkbank” bank kartlary bilen bir hatarda isleg bildirýän taraplara sarp ediş karzy, ýaş çatynjalar karzy we ipoteka karzy ýaly karz serişde hem berýär. Müşderiniň bankdan alan karz pul serişdeleri “Karz kartyna" geçirilýär. Bu kart arkaly müşderi bilen ähli nagt däl hasaplaşyk töleglerini amala aşyrýar.

Bankyň maşgalalar üçin elýeter hyzmaty bolan “Maşgala” bank karty müşderiniň maşgala agzalaryna niýetlenip, aýlyk kartyna birikdirilýär. “Maşgala” bank kartyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini ulanyjynyň özi kesgitläp bilýär. Müşderi bu bank kartynyň üsti bilen ähli nagt däl hasaplaşyk töleglerini amala aşyrýar, şeýle-de bankomatlardan nagt görnüşinde pul serişdelerini alyp bilýär.

“Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýokaryda agzalan bank kartlaryndan başga ýerli telekeçiler üçin niýetlenen “Telekeçi” karty hem bar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022