Bereketde 7 million inedördül metre golaý mata öndürilýär

BT
Bereketde 7 million inedördül metre golaý mata öndürilýär
Bu ýerde ýüze golaý zenan zähmet çekýär. Olaryň arasynda biçimçiler, tikinçiler, nusga taýýarlaýjylar, tikinçi-tehnikaçylar bar.

Balkan welaýatynyň Bereket tikin fabriginde ýylda 7 million inedördül metre golaý mata öndürilýär. Fabrikde içeri we daşary bazarda islegden peýdalanýan ýokary hilli trikotaž önümleri çykarylýar.

Tikin üçin bu ýerde paýtagtymyzyň dokma toplumlaryndan we ýurdumyzyň beýleki degişli kärhanalaryndan gelýän matalar hem ulanylýar. Düşekçeleriň we ýassyklaryň önümçiliginde bolsa, ýerli çig pagtadan alynýan pagta ulanylýar, bu bolsa çykarylýan önümiň özüne düşýän gymmatyny ep-esli arzanladýar.

Önümleriň ýokary hili daşary ýurtly öndürijileriň häzirki zaman tehnikasynyň we tehnologiýalarynyň kömegi bilen gazanylýar. Bereket fabrikasynda Ýaponiýanyň “Juki”, Germaniýanyň “ZSK”, Italiýanyň “Rimac”, Belgiýanyň “Comelli” tikin maşynlary ulanylýar.

Bu ýerde ýüze golaý zenan zähmet çekýär. Olaryň arasynda biçimçiler, tikinçiler, nusga taýýarlaýjylar, tikinçi-tehnikaçylar bar. Olaryň maksady – ilata owadan, rahat, soňky biçüw boýunça tikilen geýimi geýdirmekden ybarat. Şunda müşderileriň islegi nazara alynýar hem-de geýimleriň täze nusgasy düzülýär. Jikme-jik maslahatlaşylandan soň bu nusgalar tikinçi-tehnikaçylara iberilýär. Häzirki wagtda nusga taýýarlaýjylar dürli görnüşli, şol sanda üstki erkek we aýal geýimleriniň täze nusgalaryny döretmegiň üstünde işleýär.

Olaryň arasynda nah pagtadan taýýarlanan, harby gullukçylaryň arasynda uly islegden peýdalanýan tikin önümleri aýratyn orun eýeleýär. Her ýylda fabrikanyň konweýerinden sarp edijileriň – dürli ministrlikleriň, pudak edaralaryň, kärhanalaryň, hususy ulgamyň telekeçileriniň ýörite sargydy boýunça taýýarlanýan ýassyk, ýorgan, düşekçe daşlarynyň 600 müňe golaý toplumy düşürilýär.

Ýylyň ahyryna çenli kärhanada 8 million 211 müň manatlyk önümçilik meýilnamasyny ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Içeri bazar üçin niýetlenen önümleriň tikilmegi bilen bir hatarda, bu ýerde daşary ýurtlara ugradylmaga gönükdirilen önümleriň hem görnüşleri köpelýär. 

2022