GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň Aşgabatdaky mejlisinde 24 resminama gol çekildi

BT
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň Aşgabatdaky mejlisinde 24 resminama gol çekildi
Gün tertibine girizilen meseleleriň birnäçesi GDA-nyň çäklerinde amala aşyrylýan köp sanly taslamalaryň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly boldy.

Aşgabatda anna güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi we onuň dowamynda 24 resminama gol çekildi.

GDA agza ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu gezekki duşuşygy GDA-nyň ýerine ýetiriji düzüminiň birinji mejlisinden laýyk ýigrimi ýyldan soň geçirilýändigi we onuň ýubileý mejlisi bolup durýandygy bellenildi.

Geçen ýyllaryň içinde uly mazmuna we netijeli häsiýete eýe bolan işler ýerine ýetirilip, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, täzeçil tehnologiýalar boýunça meseleleriň 1,5 müňden gowragyna seredildi.

Mejlisiň gün tertibiniň 14 bölüminde jemlenen resminamalaryň 25-siniň ähmiýeti barada aýdyp, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew olaryň bilermenleriň seljermesinden geçendigini we Ykdysady meseleler boýunça topar tarapyndan tassyklanandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň ara alnyp maslahatlaşmagyna hödürlenen esasy resminamalaryň biri hem döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamanyň taslamasy bolup durýar.

Jarnamanyň ähmiýeti onuň kabul edilmegi ykdysady ulgamda köp ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň esasyny düzmekden ybaratdyr. Ol GDA-nyň geljekki ösüşiniň Konsepsiýasynda we GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ykdysady ösüşiniň strategiýasynda öz beýanyny tapdy.

Mejlisiň dowamynda 2019-2024-nji ýyllarda radionawigasiýanyň ösüşiniň esasy ugurlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelerine hem garaldy. Bu meýilnama ulag howpsuzlygynyň ýokary derejesini saklamagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde nawigasiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyna garaşylýar.

Şeýle hem erkin söwda zolagy hakyndaky Şertnamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň netijeleri mejlise gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlendi. Şunlukda, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýokarlanandygy, birnäçe harytlara gümrük salgytlarynyň möçberleriniň peselendigi, özara söwdada bar bolan köpsanly päsgelçilikleriň aradan aýrylandygy nygtaldy.

Gün tertibine girizilen meseleleriň birnäçesi GDA-nyň çäklerinde amala aşyrylýan köp sanly taslamalaryň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly boldy. Mejlisiň nobatdakysy üçin wekiller 6-nji dekabrda Moskwada duşuşarlar.

Üstümizdäki ýylyň oktýabrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022