Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,5 million dollar boldy

BT
Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,5 million dollar boldy
“Turkmenistan exported goods to Kyrgyzstan in the amounted of $2,8 million, and imported $3,43 million worth of products," Orazmyradov said.

Şu ýylyň soňky ýedi aýynda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,5 milliona dollardan ybarat boldy.

Bu barada şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda we hyzmatlar bölüminiň müdiri Döwran Orazmyradow Bişkekde geçen gyrgyz-türkmen biznes-forumynda habar berdi.

“Häzirki gün Gyrgyzystan we Türkmenistan söwda, syýahatçylyk, transpot, logistika we oba hojalygy pudaklarynda geljegi uly hyzmatdaşlyklary durmuşa geçirýär” diýip, Orazmyradow forumda aýtdy.

“Türkmenistanyň Gyrgyzystana eksporty 2 million 836 müň dollar, import – 3 million 43 müň dollardan ybarat boldy. Telekeçiler, esasan-da, söwda ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etdiler” – diýip, ol belledi.

Orazmyradowyň aýtmagyna görä, Gyrgyzystana Türkmenistandan ter pomidorlar, çörek we çörek önümleri, ýorgan-düşek daşlygy, turbalar we şlangalar, rakowinalar, unitazlar getirilýär.

Türkmenistana Gyrgyzystandan lampalar, plasmas lentalar, ýüň-ýüplük öndürilýän enjamlar import edildi.

2022