Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda howa gatnawyny açmak meýilleşdirilýär

BT
Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda howa gatnawyny açmak meýilleşdirilýär
Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça maslahat ediler.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça Aşgabatda oktýabr aýynda maslahat ediler.

Bu barada Bişkekde geçen Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň dördünji mejlisinde Gyrgyzystanyň Transport we ýol ministriniň orunbasary Ženişbek Nogoýbaýew mälim etdi diýip, ýurduň resmi “Kabar” saýty ýazýar.

Nogoýbaýewiň aýtmagyna görä, taraplar uçarlaryň göni gatnamagy üçin ähli tagallalary edýär. “Göni gatnawyň açylmagy söwda-ykdysady, medeni ynsanperwer gatnaşyklarynyň, şeýle hem howa koridorlarynyň döremegi we bäsdeşlige ukyplylygyň işjeňleşmegine getirer” diýip pudak ýolbaşçysynyň orunbasary belleýär.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Dadaýew türkmen tarapynyň howa gatnawlaryny ýola goýmak meselesine seretmäge taýýardygyny aýdyp, bu gatnawlaryň ikitaraplaýyn bähbitli taraplaryna hem seredilmelidigini belledi.

Oktýabr aýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýygnagy geçiriler.

2022