Hazarda kruiz syýahatçylygy 2020-nji ýylda başlar

BT
Hazarda kruiz syýahatçylygy 2020-nji ýylda başlar
Kruiz gämisi arkaly Türkmenbaşy şäherine geljek syýahatçylar üçin maksatnama işläp taýýarlajak türkmen syýahatçylyk kompaniýasy bellener.

Hazar deňzinde kruiz syýahat 2020-nji ýylda ýola goýlar. Bu barada Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin “RIA Novosti” agentligine beren söhbetdeşliginde beýan etdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy we Türkmenbaşy Halkara portuny bu kruiz ugruna goşmak boyunça Türkmenistanyň wekilleri maslahatlaşandygyny aýdan Babuşkin: “2020-nji ýylda başlanmagy meýilleşdirilýän ugurlaryň birnäçe görnüşleri meýilleşdirildi. Olaryň arasynda Astrahandan çykyp, Hazar deňzi boýunça Aktau, Türkmenbaşy, Baku we Mahaçkala deňiz portlaryna barýan ugur esasy bolup durýar” diýdi.

Babuşkiniň aýtmagyna görä, kruiz gämisi arkaly Türkmenbaşy şäherine geljek syýahatçylar üçin maksatnama işläp taýýarlajak türkmen syýahatçylyk kompaniýasy bellener. Hazar deňzinden kruiz syýahatçylygyny ýola goýmagy Gazagystanyň ilçisi bilen hem maslahatlaşandygyny belläp geçen gubernator Eýranyň we Azerbaýjanyň bu pikiri goldajakdygyna ynamly garaýandygyny aýtdy.

Awgust aýynyň 11-12-ne “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygy Dimitriý Medwedew Hazar deňziniň kenarynyň 1 million syýahatçyny myhman almaga ukyplydygyny aýdyp, Hazarýaka ýurtlarynyň port infrastrukturasyny kämilleşdirmek arkaly syýahatçylary 5 ýurda birlikde aýlap biljek kruiz syýahatlaryny gurnamagyň maksada laýyk boljagyny belläpdi.

2022