“TurkmenExporters.com” türkmen öndürijileriniň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrýar

BT
“TurkmenExporters.com” türkmen öndürijileriniň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrýar
“TurkmenExporters.com”-da önümçilik ugurlaryndan başga-da dürli görnüşli hyzmatlary hödürleýän türkmen kompaniýalary hem bar.

Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň gör­nüş­le­ri­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň öňün­de goýlan esa­sy we­zi­pe­le­r bo­lup dur­ýar.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda öndürilýän dürli görnüşli önümleri dünýä çykarmakda, ýerli önümleriň daşary ýurt bazarlaryndaky ýörgünligini ýokarlandyrmakda ähmiýetli işleri ýerine ýetirýän “TurkmenExporters.com” web söwda we maglumat portaly Türkmenistanda ilkinji onlaýn eksport platformasy bolup durýar. 2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-nden ulanylyşa girizilen bu platformanyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy, telekeçi Süleýman Geldiýew “Biznes Türkmenistan” neşirine “TurkmenExporters.com”-yň aýratynlyklary barada aýdyp berdi.

Bu eksport platformasynyň satyjy we alyjynyň araçy bolmazdan, gönümel aragatnaşyga geçmegine mümkinçilik döredýändigini aýdan S.Geldiýew esasy wezipeleriniň daşary ýurtly alyjylary Türkmenistanyň önümleri we öndürijileri barada anyk we ygtybarly maglumat bilen üpjün etmek bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanda öndürilýän harytlara isleg bildirýän daşary ýurtly alyjylar degişli maglumaty tapmakda kynçylyk çekip bilýär. “TurkmenExporters.com” web portaly şeýle kynçylygy aradan aýyrmak bilen döwlet kärhanalary bilen bir hatarda hususy önümçilik zawodlarynyň eksporta niýetlenen harytlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berýär. Esaslandyryjynyň aýtmagyna görä harytlar we hyzmatlar degişli resminama barlaglaryndan soňra bu platforma ýerleşdirilýär.

“TurkmenExporters.com” tarapyndan eksporta isleg bildirýän, täze bazarlar bilen gyzyklanýan telekeçilere maslahat beriş hyzmatlary hem hödürlenýär.

TSTB, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, “Türkmendermansenagat” Birleşigi bilen hyzmatdaşlyk saklaýan bu portal häzirki wagtda Türkmen önümlerini we önüm öndürijilerini halkara işewürlik jemgyýetine tanatmakda Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda platformasy bolup, dünýäniň 40-den gowrak ýurduna türkmen önümleriniň eksport edilmegine goşant goşdy.

Halkara e-söwda arenasynyň häzirki zaman ýörelgelerine esaslanylyp döredilen “TurkmenExporters.com”  biznes taraplaryň özara onlaýn söwda gatnaşyklaryny ýola goýup biljegi ýerli platforma bolup çykyş edýär.

Bu söwda platformasynda öndürijiler 6 aýry kategoriýa bölünýär – dokma senagaty, azyk senagaty, himiýa we nebit-himiýa senagaty, gurluşyk materiallary senagaty, derman senagaty, hojalyk harytlary.

“TurkmenExporters.com”-da önümçilik ugurlaryndan başga-da dürli görnüşli hyzmatlary hödürleýän türkmen kompaniýalary hem bar. Türkmen önümini satyn almak isleýän daşary ýurtly import ediji bu platformanyň üsti bilen önümi sargyt etmek, ýerli kanunlara görä geleşigi resmileşdirmäge ýardam berjek hukuk kompaniýasyny tapmak, bu önümi daşamak üçin logistika kompaniýalary bilen habarlaşmak işlerini birlikde ýerine ýetirip bilýär. Eger öz wekillerini Türkmenistana ugradyp, degişli zawodyň önümleri bilen ýakyndan tanyşmak isleseler “TurkmenExporters.com”-da hasaba alnan syýahatçylyk kompaniýalarynyň hyzmatlaryny ulanyp bilýärler.

2022