Türkmen wekiliýeti Bahreýniň e-döwlet ulgamyny öwrenýär

BT
Türkmen wekiliýeti Bahreýniň e-döwlet ulgamyny öwrenýär

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň wekilleri Bahreýn Patyşalygynyň Maglumat we sanly döwlet (e-döwlet) edarasynyň (iGA) direktory Mohammed Ali Al-Kaýediň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. iGA-nyň metbugat beýanatyna görä, edaranyň Muharrak şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen duşuşyk Bahreýn bilen Türkmenistanyň arasynda mart aýynda gol çekilen e-döwlet ulgamynda özara düşünişmek boýunça memorandumyň çäklerinde guraldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti häzirki zaman tehnologiýalary döwlet ulgamyna ýerleşdirmekde Bahreýniň e-döwlet strategiýasy bilen tanyşdy. iGA-nyň wekilleri Bahreýniň “Tawasul” atly milli teklipler we şikaýatlar ulgamy bilen bir hatarda edaranyň bulut maglumat ulgamyna geçmekde we maglumat howpsuzlygy, radio kommunikasiýa, statistika ulgamlarynda ýerine ýetirýän işleri barada maglumat berdi.

Türkmen wekiliýeti Bahreýniň raýatlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we hususy taraplaryň artýan we üýtgeýän talaplary esasynda döwlet hyzmatlaryny täzeden gurnamakdaky tejribesini öwrendi. Şeýle hem duşuşykda iGA Bahreýniň Birleşen Milletler Guramasynyň e-döwlet seljermesindäki tejribeleri barada belläp geçdi diýlip, beýanatda aýdylýar.

Döwlet tarapyndan berilýän dürli hyzmatlaryň internet we kompýuter ulgamlary ýaly häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly halka ýetirilmegi e-döwlet ulgamynyň esasyny düzýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet edaralarynyň hyzmatlaryny (onlaýn bilet, mobile banking we ş.m.) internet arkaly üpjün etmek işleri Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýär.

Ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanly ulgama geçmegi sanly resminamalar dolanşygynyň ýola goýulmagyny, e-döwletiň döredilmegini öz içine alýar. E-döwlet arkaly döwletiň içki gurluşlarynyň özara gatnaşyklaryny (G2G – government-to-government), hökümetiň raýat bilen özara gatnaşyklaryny (G2C – government-to-citizen), hökümetiň işewürlik bilen özara gatnaşyklaryny (G2B – government-to-business) ýola goýmak amala aşyrylar.

2022