Hindistan ýerli kompaniýalaryň salgytlaryny azaldýar

Hindistan ýerli kompaniýalaryň salgytlaryny azaldýar

Hindistan hökümeti ýerli kompaniýalaryň salgyt mukdaryny azaldýar. “Bloomberg”-iň habaryna görä, ýurduň Maliýe ministri Nirmala Sitaraman ýerli kompaniýalaryň binýatlyk salgyt göterimi 30-dan 22-ä çenli azaldylar diýip, anna güni aýtdy.

Goşmaça maddalar bilen işjeňlik gazanjak täze salgyt mukdary 25.2% bolar. Oktýabr aýynyň 1-nden başlap açyljak kompaniýalar bolsa 15% binýatlyk salgyt mukdary geçirer diýip ministr belledi.

Ösüşi we maýa goýum taslamalaryny mahabatlandyrmak maksady bilen girdeji salgytlary bilen bagly Kanuna täzelikleriň girizilendigini aýdan Sitaraman täze salgyt ulgamynyň 2019-2020-nji maliýe ýylyndan işe girizilendigini nygtady. 

Sitaramanyň aýtmagyna görä, täze salgyt ulgamy Hindistanyň salgytdan gelýän girdejisini ABŞ-nyň 20.5 milliard dollary mukdarynda azaldar.

Hindistan hökümeti garaşylýan salgyt girdejisiniň azalmagy netijesinde döwlet býujetinde dörän boşlugy ýerli önümçiligiň 3.3% ýokarlanmagyndan geljek girdeji bilen doldurmaga çalşar diýlip habarda aýdylýar.

2022