Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) garamagynda syýahatçylyk kärhanasy döredildi.
Türkmenistanyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde hususylaşdyrylan syýahatçylyk kärhanalarynyň işini dolandyrmak maksady bilen döredilen bu kärhana barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow maglumat berdi.
Türkmenistandaky syýahatçylyk hyzmatlarynyň ählisini sanly ulgama geçirmek täze düzümiň ýerli syýahatçylyk işewürligini kämilleşdirmekde ýerine ýetirjek işleriniň biri bolar diýip Gylyjow belledi.
Döwrebap maglumat ulgamy Türkmenistan boýunça syýahatlaryň has elýeterli bolmagyna ýardam eder.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylyk pudagynda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek, daşary ýurtly syýahatçylaryň has köpsanlysyny çekmek üçin zerur şertleri döretmek hem-de syýahatçylygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň has girdejili pudaklarynyň birine öwürmek meselelerine wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Döredilen syýahatçylyk kärhanasy daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary baglaşmagy hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesinde wekilhanalary açmak boýunça çäreleri meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň iýul aýynyň 5-inde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy toplumyny telekeçileriň garamagyna bermek barada karara gelnendigini aýdyp, TSTB-niň başlygy Aleksandr Dadaýewe “Awazadaky” dynç alyş-bejeriş toplumyny dolandyrmak baradaky geňeşi döretmegi, her myhmanhanany, her bir desgany bir ýa-da birnäçe telekeçiniň garamagyna bermek meselesini çözmegi tabşyrypdy.