“Hoşzaman” guşçulyk toplumynda ilkinji bir million jüýje çykaryldy

BT
“Hoşzaman” guşçulyk toplumynda ilkinji bir million jüýje çykaryldy
Jüýjeleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýerlerde bir wagtyň özünde bir günlükden 90 günlüge çenli bolan guşlaryň 2 millionyny saklap bolýar.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Hoşzaman” hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda ilkinji bir million jüýje çykaryldy. Telekeçileriň täze taslamasynyň çäklerinde häzirki wagtda müşderilere üç aýlyk towuklaryň eýýäm 560 müňüsi ýerlenildi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda kärhanada Ýewropada we dünýäniň beýleki sebitlerinde giňden ýaýran “Lohman-lsl-classic” görnüşli tohumlyk jüýjeleri ýerleşdirildi. Bu towuklaryň asly Germaniýadan bolup, olaryň ady “Lohmann Tierzucht GmbH” firmasyndan gelip çykýar.

Bu firma geçen ýüzýyllygyň 70-nji ýyllarynda seçgiçilik işleriniň netijesinde ganatlylaryň täze görnüşini döretdi. Bu tohum olardan ýumurtga almak maksady bilen ösdürip ýetişdirmek üçin ajaýyp häsiýetnamalary — ýokary netijeliligi, sowuk we yssy howa şertlerinde oňat uýgunlaşyp bilýändigi bilen tapawutlanýar.

“Hoşzaman” guşçulyk toplumynyň düzümine ýyllyk kuwwaty 2 million ýumurtga barabar bolan inkubator girýär. Ol bu ulgamda dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan Niderlandlaryň “PasReform” kompaniýasynyň enjamlary we innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Zawoddan satyn alnan tohumdan ösdürilip ýetişdirilen towuklaryndan alnan ýumurtgalaryň ilkinji tapgyry inkubatorlara şu ýylyň aprelinde goýuldy. Indi bolsa bu ýerde her aýda 200 müňden gowrak jüýje alýarlar. Olary ösdürip ýetişdirmäge ýörite ýerleriň 13-si niýetlenip, şol ýerlerde bir wagtyň özünde bir günlükden 90 günlüge çenli bolan guşlaryň 2 millionyny saklap bolýar. 

Azyk ulgamynda indi 15 ýyl bäri ýöriteleşdirilen “Hoşzaman” kärhanasynyň guşçulyk toplumynda Türkiýäniň “Kutlusan” kompaniýasynyň ýörite enjamlary bilen üpjün edilen guşlaryň 26 müňüsini saklamaga niýetlenen ýerler guruldy.