“Lebapnebitgazgözlegiň” hünärmenleri Goturdepede guýynyň 3100 metrini gazdylar

BT
“Lebapnebitgazgözlegiň” hünärmenleri Goturdepede guýynyň 3100 metrini gazdylar
Goturdepe nebit-gaz meýdançasy

Ýurdumyzyň nebitgaz ýataklarynda zähmet çekýän “Lebapnebitgazgözlegiň” hünärmenleri Goturdepe meýdançasynda taslama çuňlugy 5000 metre deň bolan 19-njy guýynyň şu ýylyň başyndan bäri 3100 metrden gowragyny gazdylar.

“Türkmennebitgazgözleg” trestine degişli bolan bu kärhanada çuň burawlama işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenen döwrebaplaşdyrylan burawlama enjamlary ýerasty baýlyklary gözleýjileriň hyzmatyna berildi.

Burawlaýjy enjamlaryň aglaba bölegi daşary ýurtlaryň, şol sanda ABŞ-nyň, Hytaýyň, Russiýanyň öňdebaryjy tehnika öndürijileriniň kuwwatly we ygtybarly enjamlaryna çalşyryldy.

Geçen ýyl “Lebapnebitgazgözlegiň” hünärmenleri iň täze enjamlary ulanmak arkaly Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Minara meýdançasynda taslama çuňlugy 4750 metr bolan gözleg guýusyny burawladylar. Netijede gündelik 1 milliona golaý kubmetre deň bolan tebigy gaz alyndy.

Şeýle hem “Lebapnebitgazgözleg” müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyl Garagum çölüniň nebit-gaz meýdançasynda gözleg guýusynyň 4575 metr çuňlugyny gazdylar.

2022