Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki Baş konsuly wezipesine Yhlasgeldi Jumageldiýewiç Amanow bellendi.
Degişli Karara 28-nji sentýabrda gol çeken Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu şäherde Baş konsullygy açmak hakyndaky Karara bolsa, 30-njy awgustda gol çekipdi.
27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Dubaý şäherindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan “Burj Halyfa” binasynyň ýüzi ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi. Täsirli görnüş beýikligi 828 metrlik binany türkmen gölleri we bäşýyldyzly ýarymaýy şekili bilen öwüşgin atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa Ben Zaýed Al-Nahaýýanyň hormatyna atlandyrylan bu binanyň dabaraly açylyşy 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçirildi. Döwlet Baştutanymyz daşary döwletleriň baştutanlarynyň bu bina baryp görenleriniň ilkinjisi boldy. Bu bina häzire çenli hem dünýäde iň beýik bina bolmagynda galýar.