Gresiýanyň naýbaşy egin-eşik brendleri “Zeus + Dione” we “Parthenis” öz geýimlerinde ýurduň Sufli şäherinde ýerleşýän ýüpek fabrikleriniň önümlerini ulanýarlar.
AP agentliginiň habaryna görä, “Zeus + Dione” brendi bilen meşhurlyk gazanan gabartmaly ýüpek matalar Sufli şäherinde ýerleşýän Kostas Muhtaridisiň fabriginde dokalýar.
“Zeus + Dione” bilen işleşip başlamazyndan ozal adatça 10-100 metr aralygynda sargytlar alýandyklaryny aýdan Muhtaridis häzirki wagtda ýyllyk bu mukdaryň 200 essesinden gowrak ýüpek önümlerini öndürýändiklerini mälim etdi.
Eýýäm ýedi ýyl bäri bu fabrigiň gabartmaly matalaryny satyn alýandyklaryny bellän brendiň esaslandyryjylaryndan Dimitra Kolotura täze görnüşli matany dokamak we bazarda barlap görmek maksady bilen Muhtaridise ýüz tutandyklaryny nygtady.
2007-nji ýylda esaslandyrylan brendiň gabartmaly ýüpek matalaryndan dikilen geýimlerini Los-Anjelesiň, Parižiň we Londonyň dükanlarynda görmek bolýar.
Sufliniň ýüpek öndürijilerinden Giorgis Tsiakiris bolsa, ugruny ýüpek matalara çap etmäge öwürdi. Sanly ulgama geçmek arkaly ýüpek bazarynda ýerini goramaga çalyşýan bu fabrik häzirki wagtda Ýewropanyň birnäçe moda öýlerinden sargytlar alýar.
Tsiakirisiň fabrigi we çap ediş usuly bilen 2006-njy ýylda tanyşandygyny aýdan “Parthenis” kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan Orsalia Partenis Sufli şäheriniň ýüpek önümlerini öz eginbaş ýygyndylarynda yzygiderli ulanýandygyny nygtady.
Sufli şäheri Gresiýanyň ýüpek fabrikleriniň merkezi bolmak bilen, bu şäherde ýüpek gurçugyny ýetişdirmegiň we ondan ýüpek süýümlerini almagyň nusgawy usullaryny ulanylýar.