“Illy” kofe öndürijisi dogry hyzmatdaş gözleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Illy” kofe öndürijisi dogry hyzmatdaş gözleýär
Häzirki wagtda dokuz görnüş arabika kofe dänelerini öndürýän kompaniýanyň geçen ýyl 483 million ýewrolyk kofe satdy.

Kofe öndüriji kompaniýa “Illy” özüniň ABŞ-daky kafeleriniň sanyny 200-e ýetirjek (häzirki kafe sanyndan 10 esse köp) hyzmatdaşy tapmak üçin bank we maliýe hyzmatlary hödürleýän “Goldman Sachs” kompaniýasy bilen işleşmäge başlady. Bu barada “Reuters” agentliginiň penşenbe günki habarynda berilýär.

Italýan kompaniýa bölekleýin satuw işlerini kämilleşdirjek hyzmatdaş tapylan ýagdaýynda kompaniýanyň paýnamalarynyň bir bölegini satmaga taýyndygyny hem mälim etdi.

“Illy” kompaniýasynyň direktory Andre Illy iýul aýynda “Reuters” agentligine kompaniýanyň esaslandyrylyşyndan bäri ilkinji gezek, dogry hyzmatdaş tapylan ýagdaýynda, paýnamalarynyň kiçiräk bölegini satmagy göz öňünde tutup biljekdigini aýdypdy. Ol, esasan, “Sturbucks” we “JAB” ýaly güýçli bäsdeşleriň bolan ABŞ bazarynda kompaniýanyň kafe zynjyryny ulaltmak isleýändigini hem belläp geçipdi.

1933-nji ýylda esaslandyrylan “Illy” kompaniýasy häzirki wagtda dolulygyna Illy maşgalasyna degişli bolup durýar. Häzirki wagtda dokuz görnüş arabika kofe dänelerini öndürýän kompaniýanyň geçen ýyl 483 million ýewrolyk kofe satdy.

2022