“Mahindra” awtoulag öndürijisi “Ford” bilen täze ylalaşyk baglaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Mahindra” awtoulag öndürijisi “Ford” bilen täze ylalaşyk baglaşdy
“Biz ‘Ford’ brendiniň Hindistanda ösdürilmegi üçin ‘Mahindra’ bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize buýsanýarys” diýip, Bil Ford belledi.

Hindistanyň awtoulag öndürijisi “Mahindra & Mahindra” bilelikdäki kompaniýany döretmek boýunça “Ford” bilen ylalaşyk gazandy. Hindi kompaniýasynyň resmi metbugat beýanatyna görä, täze ylalaşygyň esasynda döredilen kompaniýanyň paýnamalarynyň 51%-i “Mahindra & Mahindra”, 49%-i “Ford” kompaniýasyna degişli bolup, paýdarlar jemgyýeti hindi kompaniýasy tarapyndan dolandyrylar.

“Ford” özüniň Hindistandaky hereketleriniň ählisini paýdarlar jemgyýetiniň düzümine geçirer. Bilelikdäki kompaniýa “Ford” brendiniň içerki bazarda ösmegi we awtoulaglaryň eksport edilmegi ýaly işleri alyp barar.

Beýanatda iki kompaniýanyň güýçlerini birleşdirmeginiň üstünlige eltjekdigini aýdan “Mahindra Group”-yň ýolbaşçysy Anand Mahindra täze ylalaşygyň özara ynanyşmaga bagly uzak möhletleýin hyzmatdaşlagyň subutnamasydygyny belläp geçdi. Kompaniýalaryň arasynda häzire çenli dowam eden hyzmatdaşlyga “Ford Motor” kompaniýasynyň dolandyryjy ýolbaşçysy Bil Ford hem ünsi çekdi.

“Biz ‘Ford’ brendiniň Hindistanda ösdürilmegi üçin ‘Mahindra’ bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize buýsanýarys” diýip, Bil Ford belledi.

275 million amerikan dollary gymmaty bolan täze paýdarlar jemgyýetiniň täze üç görnüş awtoulagy öndürmegine garaşylýar. Bilelikdäki kompaniýanyň üns berjek ugurlaryndan biri tok bilen işleýän awtoulaglar bolar.

Täze ylalaşygyň çäklerinde “Mahindra” kysymly awtoulaglaryň dünýä bazaryna çykarylmagy üçin “Ford”-yň ozalky paýlaýjy torlaryndan peýdalanylar.