Türkmenistan – Eýran ykdysady toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan – Eýran ykdysady toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi
Taraplar komissiýanyň dowamynda ulag, aragatnaşyk, söwda we ykdysady, ýangyç we energiýa ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar. Surat: news.mrud.ir

Aşgabatda Çarşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 15-nji komissiýasy geçirildi.

Eýranyň “Financial Tribune” neşiriniň ýurduň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň täzelikler portalyna salgylanyp berýän habaryna görä, iki gün dowam eden komissiýada eýran tarapyna Ministriň ulag ulgamy boýunça orunbasary Şahram Adamnejad ýolbaşçylyk etdi. Eýranyň wekiliýetiniň hataryna ýurduň dürli ministrlikleriniň wekilleri hem goşuldy.

Taraplar komissiýanyň dowamynda ulag, aragatnaşyk, söwda we ykdysady, ýangyç we energiýa, magdanlar we dürli senagatlar, ylym we medeniýet ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Toparyň 14-nji mejlisi 2015-nji ýylyň iýul aýynda Tähranda geçirilipdi.

Geçen ýylyň soňky 10 aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda gatnaşyklary 312 million amerikan dollaryna barabar boldy. Eýranyň Türkmenistandaky söwda attaşesi Rahmatollah Kormaliniň aýtmagyna görä, bu döwürde Türkmenistan ýer almasyny, sementi, plastik önümlerini, gurluşyk harytlaryny, kerpiç we keramika önümlerini satyn aldy. 

2022