Germaniýa türkmen telekeçilerini okuwa çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Germaniýa türkmen telekeçilerini okuwa çagyrýar
2008-2018-nji ýyllar aralygynda dolandyryş wezipelerinde işleýän türkmenistanlylaryň 207-si şeýle okuwlara gatnaşdy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we energetika Federal ministrligi bilen bilelikde Germaniýada geçiriljek dört hepdelik tejribe okuwlaryna dalaşgär seçip almak boýunça ýerli telekeçileriň arasynda söhbetdeşlik geçirer.

TM we YM-niň websaýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, okuwlar azyk senagaty, senagatda energonetijelilik, galyndylary gaýtadan ulanmak we dikeldilýän energiýa ugurlary boýunça gurnalar.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalary taýýarlan edara görnüşindäki telekeçilik guramasynyň ýolbaşçylary, düzüm birliginiň ýolbaşçylary ýa-da hususy telekeçiler 31-nji oktýabra çenli ministrligiň websaýtynda ýerleşdirilen zerur resminamalary tabşyrmak arkaly söhbetdeşlige gatnaşyp bilerler.

Söhbetdeşlikler oba hojalyk pudagynyň ösüşi bilen bagly meýilnamalara ähmiýet berilmek bilen, 5-7-nji noýabr aralygynda geçiriler.

2008-2018-nji ýyllar aralygynda dolandyryş wezipelerinde işleýän türkmenistanlylaryň 207-si şeýle okuwlara gatnaşdy.