"Naftogaz" Ukraina-Russiýa serhedinden türkmen gazyny almak isleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Naftogaz" Ukraina-Russiýa serhedinden türkmen gazyny almak isleýär
“Naftogaz” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Ýuriý Witrenko

Ukrainanyň nebit-gaz kompaniýasy “Naftogaz” Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň Ukraina-Russiýa serhedinden türkmen gazyny we Russiýanyň hususy öndürijileriniň gazyny almaga özüne mümkinçilik döretmegini isleýär. Bu barada “Naftogaz” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Ýuriý Witrenko penşenbe güni aýtdy.

"Naftogaz Ukraina-Russiýa serhedinden Türkmenistanyň we Russiýanyň garaşsyz öndürijileriniň gazyny almaga, şeýle-de Gazprom kompaniýasynyň ýewropaly hyzmatdaşlary üçin gaz almaga ýol bermegini Gazprom kompaniýasyndan esasly ýagdaýda talap edýär" diýip, Witrenko "Facebook" sahypasynda ýazdy.

Şeýle hem Witrenko Russiýa bilen üstaşyr gaz geçirmek Şertnamasyna Ýewropanyň talaplarynyň girizilmegi bilen bagly meselelere hem degindi.

2013-nji ýylyň fewral aýynda Ukrainanyň Prezidentiniň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda “Naftogaz” kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda özara düşünişmek barada Memoranduma gol çekilipdi.