Türkmenistanyň Prezidenti çig mal serişdelerinden netijeli peýdalanmagy tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti çig mal serişdelerinden netijeli peýdalanmagy tabşyrdy
Maslahatda degişli pudaklaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, olaryň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak işlerini gözegçilikde saklamangyň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bar bolan çig mal serişdelerini netijeli we tygşytly peýdalanyp, olary soňra gaýtadan işlemek hem-de taýýar önümleri öndürmek meselelerine hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekowyň hem-de senagat we kommunikasiýa ministri Tahyrberdi Dürhanowyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz bu barada belläp, olaryň hasabatlaryny diňledi.

Iş maslahatynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat beren wise-premýer, degişli pudagyň işinde sanly ulgamy ornaşdyrmak we elektron senagatynyň işiniň netijeliligini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz garalýan ulgamlarda alnyp barylýan gündelik işler bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, degişli pudaklaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, olaryň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça işleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygy nygtan döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bar bolan çig mal serişdelerini netijeli we tygşytly peýdalanyp, olary soňra gaýtadan işlemek hem-de taýýar önümleri öndürmek meselelerine hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra senagat we kommunikasiýa ministri T.Dürhanowyň hasabatyny diňlän Türkmenistanyň Prezidenti dürli ulgamlaryň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin senagat-kommunikasiýa toplumynyň kuwwatyny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça şu günki maslahatyň möhümdigini belläp geçdi.

Türkmen Lideri şunuň ýaly maslahatlaryň pudaklaryň işlerini seljermek hem-de peýdalanylmadyk mümkinçilikleri ýüze çykarmak babatynda peýdalydygyna ünsi çekip, munuň degişli düzümlerde işleriň depginlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda dürli desgalaryň giň gerimli gurluşygyny degişli serişdeler bilen üpjün etmekde, ýerli çig maly senagat taýdan gaýtadan işlemekde bu topluma möhüm ornuň degişlidigini belläp, munuň üçin häzirki zamanyň ösen tejribelerini, ylmyň gazananlaryny we iň täze tehnologiýalary öwrenmegi hem-de netijeli peýdalanmagy talap etdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna degişli düzümlerde alnyp barylýan işler döwrüň talabyna kybap derejede ýola goýulmalydyr.

Milli ykdysadyýetimiziň ulag we aragatnaşyk düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň artdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talabydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz, şeýle hem çig mal serişdeleriniň döredijilikli özleşdirilmeginiň hem-de olaryň gaýtadan işlenilmeginiň toplumyň sazlaşykly ösüşini ýola goýmakda aýratyn ähmiýetlidigini belledi.