Putin Hazaryň Konwensiýasyny tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Putin Hazaryň Konwensiýasyny tassyklady
Hazar kenary

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýany tassyklamak hakynda federal Kanuna sişenbe güni gol çekdi. Bu barada nebitgaz pudagynyň resmi saýty Russiýanyň internet neşirlerine salgylanyp habar berýär.

Bu resminama kenarýaka döwletleriniň Hazar deňzinden, şeýle-de onuň suwundan, düýbünden, ýerastyndan, tebigy serişdelerinden we deňziň howa giňişliginden peýdalanmaklarynyň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär hem-de düzgünleşdirýär.

2019-njy ýylda Konwensiýany Gazagystan, Azerbaýjan we Türkmenistan tassyklady. Konwensiýa hazarýaka döwletleriniň ählisiniň oňa gol çekmeginiň netijesinde güýje girýär.

Hazaryň derejesiniň kesgitlenilmändigi uzak ýyllaryň dowamynda Hazarüsti gaz geçirijisini gurmakda esasy bökdençlik bolandygyny belleýän saýt, bu gaz geçirijiniň Türkmenistandan tebigy gazy Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermek üçin niýetlenendigini nygtady.

Konwensiýa 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde gol çekilipdi. Oňa Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan gatnaşýar.

2022