Aşgabat GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine garaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine garaşýar
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň soňky sany geçen ýylyň sentýabr aýynyň 28-ne Duşanbe şäherinde geçirilipdi.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda 10-11-nji oktýabrda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýygnagy geçiriler.

GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň maglumatyna görä, Daşary işler ministrleriniň ýygnagynda sebitiň aktual meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Ýurtlaryň daşary işler edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatynda maksatnamalara serediler.

Ilkinji gezek 2020-nji ýylda geçiriljek GDA Oýunlaryna görülýän taýýarlyk, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurtlaryň Ýaragly güýçleri bilen bagly birleşdirilen ulgamy gurmak, şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreş – Daşary işler ministrleriniň ýygnagynyň esasy sözbaşylary bolar.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni ýaýradan maglumatynda ýygnaga Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň gatnaşýandygyny tassyklady.

GDA-nyň Daşary işler ministrleri 11-nji oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenjek resminamalarda hem ylalaşyga gelerler. Bularyň hataryna 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen bagly döwlet Baştutanlarynyň GDA-nyň halkyna we dünýä jemgyýetçiligine ýüzlenmesi, şeýle hem korrupsiýa, terroçylykly hereketlere, ekstremizme garşy göreşde hyzmatdaşlyk saklamagy we howpsuzlyk ulgamynda maglumat alyş-çalşygyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýan resminamalar girýär.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde özara gatnaşyklar we GDA-nyň 2020-nji ýyldaky başlyklygy bilen bagly meselelere serediler.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň soňky sany geçen ýylyň sentýabr aýynyň 28-ne Duşanbe şäherinde geçirilipdi.

2022