Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) Hazarýaka sebitinde ýaşyl portlary we sebitleýin baglanşygy goldamak taslamasynyň çäklerinde oktýabr aýynyň soňunda Aşgabatda we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tehniki duşuşyklar geçirer. Bu barada guramanyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Gazagystanyň we Azerbaýjanyň Hazarýaka portlaryny hem öz içine alýan bu taslama Hazar deňziniň üsti bilen Aziýadan Ýewropa bolan söwda akymynyň çalt, arzan we durnukly bolmagyny gazanmagy maksat edinýär.
Üç ýurduň esasy portlarynyň arasyndaky sebitleýin baglanyşygy güýçlendirmek isleýän bu taslama sanly platformany ýola goýmak arkaly Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça söwda çykdajylaryny azaltmagy, maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmagy, şeýle hem howpsuzlygy we netijeliligi artdyrmagy göz öňünde tutýar diýip, ÝHHG beýan edýär.
Taslamanyň çäklerinde 2-3-nji oktýabrda Gazagystanyň Aktau we Kuryk şäherlerinde port ýolbaşçylary bilen tehnik okuw-tejribesi geçirildi. Şeýle hem anna güni Baku şäheriniň portunda taslama degişli ýurtlaryň wekilleri üçin geçirilen maglumat beriji brifinge Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň resmi wekilleri gatnaşdy.