“Samsung” Hytaýdaky soňky zawodynyň önümçiligini ýatyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Samsung” Hytaýdaky soňky zawodynyň önümçiligini ýatyrdy
2018-nji ýylda “Samsung” kompaniýasy girdejisiniň 30%-ni Wýetnamdaky zawodlaryň önümlerinden gazandy.

Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy Hytaýdaky soňky zawodynda hem smartfon önümçiligini bes edendigini mälim etdi.

“Associated Press” agentliginiň kompaniýanyň elektron hatyna esaslanyp, anna güni beren maglumatyna görä, “Samsung” Hoýçžou şäherinde ýerleşýän zawodynda önümçiligi geçen aý togtatdy.

“Huawei” we “Xiaomi” kysymly akylly telefonlaryň köpelmegi “Samsung”-yň Hytaý bazaryndaky paýynyň azalmagyna sebäp boldy.

Týanszin şäherindäki zawodyny geçen ýyl ýatyran koreýaly kompaniýa smartfon önümçiliginiň agramly bölegini Wýetnamdaky zawodlaryna geçiripdi.

“Önümçilik enjamlary bütindünýä önümçilik strategiýamyzyň esasynda beýleki önümçilik ýerlerine geçiriler” diýip “Samsung”-yň hatynda aýdylýar.

2018-nji ýylda “Samsung” kompaniýasy girdejisiniň 30%-ni Wýetnamdaky zawodlaryň önümlerinden gazandy. ABŞ-nyň 65.7 milliard dollaryna barabar bolan bu mukdar ýurduň jemi içerki önüminiň 28%-ni üpjün etdi. Häzirki wagtda Wýetnam-da “Samsung” kompaniýasynyň dört sany önümçilik ýeri bar.

2022