Eýran “Sarahs” gümrük terminalyndan 606,000 tonna haryt eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran “Sarahs” gümrük terminalyndan 606,000 tonna haryt eksport etdi

Şu ýylyň mart – sentýabr aýlarynda Eýran Yslam Respublikasy Horasan-e-Rezawi welaýatynda ýerleşýän “Sarahs” gümrük terminalyndan demir ýol ugry arkaly Merkezi Aziýa ýurtlaryna 606 müň tonnadan gowrak haryt eksport etdi.

Eýranyň “Financial Tribune” neşiriniň ýurduň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň täzelikler portalyna salgylanyp berýän habaryna görä, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda eksport mukdary 90% ýokarlandy. Bu döwürde eksport edilen harytlaryň 80%-niň Özbegistana iberilendigini aýdan Horasan-e-Rezawi Demir ýol birleşmesiniň direktory Mostafa Nassiri Türkmenistan we Gazagystanyň hem esasy eksport ugurlaryna girýändigini ministrligiň portaly arkaly belläp geçdi.

“Alty aýlyk döwürde demir ýoly arkaly eksport etmekde Horasan-e-Rezawi welaýaty birinji orna ýerleşdi” diýip, Nassiri nygtady.

Sentýabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly Rasul Jafari bilen geçirilen duşuşykda Mary welaýatynyň we Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky özaragatnaşyklaryň netijeli dowam edýändigi bellenilip geçilipdi.

2022