Şu ýylyň 30-njy sentýabry – 6-njy oktýabry aralygynda Nukus şäherinde Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky döwlet serhedini bellemek meseleleri boýunça Bilelikdäki özbek-türkmen hökümetara komissiýasynyň iş toparlarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, çäräniň dowamynda taraplar umumy serhedi bellemegä degişli kadalaşdyryjy-hukuk we tehniki resminamalary barlap, Bilelikdäki özbek-türkmen hökümetara toparynyň tassyklamagyna hödürlemekde ylalaşdylar.
Duşuşykda, şeýle hem bilelikdäki araçäkde uçulýan enjamdan ýeriň suratyny alyş işlerini geçirmek boýunça pikir alşyldy.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary – Özbegistanyň Ýer serişdeleri, geodeziýa, kartografiýa we döwlet kadastry baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Tulkin Abdullaýew we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 5-nji kärhanasynyň başlygy Mämmet Mämmedow tarapyndan degişli Teswirnama gol çekildi.
Duşuşyk däp bolan hoşniýetli we dostlukly ýagdaýda geçirildi.