Daşoguzyň dokma fabrigi 12 million manatlyga golaý önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzyň dokma fabrigi 12 million manatlyga golaý önüm öndürdi
Bu ýerde oturdylan kämil enjamlar öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.

Daşoguz şäherindäki “Serdar” pagta egirme fabriginde ýylyň ilkinji dokuz aýynda 11 million 654 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama 103,7 göterim amal edildi. Has takygy, şu döwürde kärhanada dürli ölçegdäki nah ýüplükleriň 1 müň 416 tonnasy, pamyk we pamyk önümleriniň 241 müň 600 kilogramy öndürildi.

Welaýatda pagta süýümini gaýtadan işläp, nah ýüplük öndürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji gezek ýola goýlan bu kärhanada işler tapgyrlaýyn esasda ýola goýlup, önümçiligiň kadaly derejesini saklamak ugrunda uly tagallalar edilýär.

Bu ýerde oturdylan kämil enjamlar öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada dürli görnüşli nah ýüplük önümleri bilen bir hatarda, pamygyň we pamyk önümleriniň önümçiligi hem ýola goýuldy.

2022