Daşoguzda şaly ýygymy başlady, maksat – 35 müň tonna hasyl

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda şaly ýygymy başlady, maksat – 35 müň tonna hasyl
Şu ýyl hem howa şertlerine laýyk gelýän, bol hasyl berýän, zyýankeşlere garşy durnukly “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Elenge” görnüşleri ekildi.

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary 8 müň 100 gektar meýdanda şaly ýygymyna girişdiler. Demirgazyk welaýatynyň daýhanlary şu ýyl 35 müň tonnadan gowrak şaly ýygmagy maksat edinýär.

Geçen ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem howa şertlerine laýyk gelýän, bol hasyl berýän, zyýankeşlere garşy durnukly “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Elenge” görnüşleri ekildi.

Merjen dänelerini ýokary depginde ýygmak üçin 200-e ýakyn kombaýnlar, şeýle hem 400-e ýakyn ýörite ulag we mehanizmler hyzmat edýär. Bu tehnikalar şaly ýygymy döwründe zerur bolan ähli şertlerde sazlaşykly we yzygider hereket ederler.

Şaly ekmek üçin ýöriteleşdirilen Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalynyň ýokary sortuny ösdürip ýetişdirmek boýunça ýeterlik tejribesi bar. Etrabyň “S.A.Nyýazow” daýhan birleşiginiň şalyçylary bolsa, azyndan 25.5 müň tonnadan gowrak bu däneli ekini ýygmagy maksat edinýär.

Etrapda ýyllyk 30 müň tonna şalyny arassalamaga we kärendeçileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap enjamlaşdyrylan desga ýygnaljak hasyly täzeden işlär.

2022