Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde (DIM) sişenbe güni Pakistanyň goşunynyň Birleşen karargähleriniň komitetiniň başlygy, general Zubair Mahmud Haýatyň ýolbaşçylygyndaky Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habaryna laýyklykda, gepleşikleriň barşynda taraplar deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.
Taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda köpugurly ulag hem-de energetika taslamalarynyň üstünlikli ilerledilýändigi bellenilip geçildi.
Taraplar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir bu iri göwrümli taslamalara gatnyşyjy-ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine agramly goşant goşýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem ugurdaş bilim, Türkmenistanyň we Pakistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň arasynda bilermenlik başarnyklarynyň alyşylmagy maksady bilen hünärmenleriň saparlarynyň guramaçylygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.
Şeýle hem sişenbe güni DIM-de Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.W.Beskostyý bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara, hökümetara, şeýle-de parlamentara derejelerinde özarabähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajyplygyny aýratyn nygtadylar. Diplomatlar şonuň ýaly-da iki döwletiň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarahereketleriniň geljekki mümkinçiliklerine seredip geçdiler.