“Boeing” kompaniýasy “Virgin Galactic” bilen kosmos syýahatyny kämilleşdirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Boeing” kompaniýasy “Virgin Galactic” bilen kosmos syýahatyny kämilleşdirer
“Biziň ‘Virgin Galactic’ bilen ýerine ýetirjek işlerimiz kosmos syýahatynyň gelejegini açmagymyza kömek eder” diýip, Braýn Şetler belläp geçdi.

“Boeing” kompaniýasy kosmos syýahatlaryny gurnaýan uçarlary taýýarlaýan “Virgin Galactic” kompaniýasyna 20 million dollarlyk maýa goýum goýberer. Iki kompaniýa älem giňişligine uçmagyň täjirçilik taraplary we syýahat tehnologiýalaryny kämilleşdirmekde hyzmatdaşlyk saklar.

“Biziň ‘Virgin Galactic’ bilen ýerine ýetirjek işlerimiz äleme syýahatyň gelejegini açmagymyza kömek eder” diýip, “Boeing HorizonX Ventures” kompaniýasynyň uly dolandyryjy direktory Braýn Şetler “Virgin Galactic”-iň metbugat beýanatynda belläp geçdi.

Kosmos senagatynda tejribeli bolan iki kompaniýanyň hyzmatdaşlyk saklamagynyň kosmos syýahatçylygynyň gelejegi üçin ähmiýetligini aýdan “Virgin Galactic” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ser Riçard Branson kompaniýalaryň howpsuz kosmos syýahatynyň köpler üçin elýeter bolmagyny gazanmagy maksat edinýändigini nygtady.

Täjirçilik maksatly kosmos ulaglaryny işläp taýýarlamaga ukyply bolan “Virgin Galactic” kompaniýasy 2004-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýanyň “VSS Unity” kysymly kosmos uçary soňky gezek fewral aýynda 89,900 metr belentlikde sagatda 3,700 kilometrden hereket etmek arkaly kosmosa çykdy.