Naýypda gazy gaýtadan işleýän desgany döwrebaplaşdyrmak işleri tamamlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Naýypda gazy gaýtadan işleýän desgany döwrebaplaşdyrmak işleri tamamlanýar
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody

Naýypda we Bagajada gazy gaýtadan işleýän ilkinji desgalar işe girizilen gününden başlap, suwuklandyrylan gaz öndürýän Lebap önümçilik müdirliginiň işgärleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda uglewodorod kondensatynyň 1,5 million tonnasyndan gowragyny öndürdiler.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda bu çig maldan dünýä bazarlarynda islegden peýdalanýan ýokary hilli ýeňil nebit önümleri öndürilýär.

Gazy gaýtadan işleýän konweýeriň işe girizilmegi bilen gaýtadan işlemegiň netijesinde çykarylýan Naýyp we Bagaja suwuklandyrylan gazyň agramly bölegi, ýagny millionlarça tonnasy daşary ýurtlara ugradylýar. Awtomatlaşdyrylan tehnologik enjamlar gije-gündiziň dowamynda Naýyp, Gazlydepe, Kerwen, Bagaja, Izmail we beýleki ýataklarda gazylyp alynýan tebigy gazy üznüksiz gaýtadan işleýär.

Çylşyrymly tehnologiýalaryň binýadynda ulgamlaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak we tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurduň nebit-gaz toplumyny ösdürmekde, onuň kuwwatyny ýokarlandyrmakda esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Şu wezipeden ugur alyp, gazy gaýtadan işleýänler Italiýanyň “Technofrigo” kompaniýasy tarapyndan 1998-nji ýylda Naýypda gurlup ulanylmaga berlen gazy gaýtadan işleýän ilkinji desgany tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler toplumyny amala aşyrýar. Önümçilik işlerini täzelemek we kämilleşdirmek boýunça taslamada göz öňünde tutulan işleriniň esasy bölegi eýýäm ýerine ýetirildi.

2022