Prezidentleriň duşuşygynda üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti nygtaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Prezidentleriň duşuşygynda üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti nygtaldy
Azerbaýjanyň döwlet ýolbaşçysy bilen bolan duşuşykda iki ýurduň Liderleri hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon bilen duşuşdy.

Hazarýaka döwleti bolan Azerbaýjanyň döwlet ýolbaşçysy bilen bolan duşuşykda iki ýurduň Liderleri hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler döwletleriň dünýäde iri önüm öndürijiler we energiýa serişdelerini iberijiler bolup, çäk taýdan ýakynlygyny nazara almak bilen ýangyç-energetika pudagynda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny bellediler.

Ulag ulgamy türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň esasy ugrudygyny bellän taraplar bu ulgamda üstaşyr-ulag düzümini döretmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýandygyny aýtdylar. Türkmenistanda bolşy ýaly, bu ulgamda Azerbaýjan hem döwrebap düzüme, hususan-da, portlar düzümine eýedigi we munuň özi awtomobil-parom hem-de demir ýol-parom gatnawlary boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, köpugurly logistika ulgamyny döretmäge ýardam edýändigi duşuşygyň barşynda bellendi.

Goňşy Özbegistanyň döwlet Baştutany bilen geçen duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmanyň uludygy tassyklanyp, dürli derejelerde gazanylýan ylalaşyklary amala aşyrmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işine oňyn baha berildi.

Iki ýurduň Prezidenti bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary, ozaly bilen, täze üstaşyr geçelgäniň taslamasyny amala aşyrmagyň möhümdigini bellediler. Bu Eýranyň, Omanyň hem-de Hindistanyň deňiz portlaryna gysga ýol bilen çykmaga mümkinçilik döredip, söwda, üstaşyr gatnawlary we maýa goýumlaryny has-da artdyrmak üçin şert döretjekdigi aýdyldy.

Moldowa Respublikasynyň Prezidenti bilen bolan gepleşikleriň dowamynda  türkmen-moldowan hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewraziýa yklymynda ulag geçelgelerini ösdürmek babatda amatly geografik ýagdaýa eýe bolan iki döwletiň möhüm ornuny bellemek bilen, häzir Türkmenistanyň Ýewropanyň ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirýän, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň üsti bilen üstaşyr geçelgeleri döredýän wagtynda aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy.

Paýtagt Aşgabat şäherinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi anna güni geçirilýär.

2022