Öňümizdäki ýyl GDA-nyň başlyklygyny Özbegistan ýerine ýetirmegi bilen bagly konsepsiýa kabul edildi. Türkmenistan bilen Belarus kömekçi başlyklar bolar.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriler.
Bu barada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çäkli düzümdäki duşuşygynda ylalaşyga gelindi.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew mejlisiň gün tertibine girýän meselelere Azerbaýjanyň garaýşy bilen çykyş etdi. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Azerbaýjanyň ýangyç ulgamyndaky mümkinçilikleriniň ulanylyşy barada aýdan Aliýew ýeňiş gününi bellemek barada ýurduň ýerine ýetiren işlerine degindi.
Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan Turkmenistana üstünlikli başlyklyk edenligi üçin sag bolsun aýtdy. GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga isleg bildiren Paşinýan Ermenistanyň weteranlarynyň ýaşaýyş durmuş esaslaryny gowulandyrmak babatynda alyp barýan syýasaty barada maglumat berdi.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz çykyşynda birnäçe teklipler öňe sürdi. GDA-nyň çäklerinde telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek meselesine täzeden garalmalydygyny aýdan Tokaýew syýahatçylyk ulgamynda hem umumy hereketleriň ähmiýetine degindi. Bu ugurda Tokaýew umumy wiza ulgamyny ýola goýmagy we "arkalaşygyň wizasy" diýip atlandyrmagy teklip etdi.
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow umumy Söwda ulgamyny döretmegiň ähmiýeti bilen çykyş etdi.
Öz nobatynda çykyş eden Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryna ünsi çekdi. Söwda hyzmatdaşlygy babatda ylalaşyk gazanmagyň zerurdygyny bellän Lukaşenko munuň Arkalaşyga girýän ähli ýurtlary gyzyklandyrýandygy nygtady.
Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon ýurdunyň GDA-nyň çäklerinde amala aşyrýan işlere bolan garaýşyny mälim etdi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklara ünsi çekip, döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Jarnamany goldaýandyklaryny belledi. Lebedowyň öz wezipesini dowam etdirmegini teklip eden Putin howpsuzlyk meselesinde halkara arenada Russiýanyň ýeri barada beýan etdi. Putin umumy maliýe ulgamyny döretmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon ekstremizme garşy halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada nygtap, Täjigistanyň bu ugurda amala aşyrýan syýasaty bilen tanyşdyrdy.
Öz gezeginde çykyş eden Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2020-nji ýylda Özbegistanyň başlyklygy baradaky konsepsiýa barada maglumat berdi. Türkmenistanyň 2019-njy ýyldaky başlyklygynda GDA başlyklyk etmegiň derejesiniň ýokarlanandygyny aýdan Mirziýoýew bu ugurda ýurtlaryň goldaw bermegini sorady. Mirziýoýew Özbegistanyň ilkinji gezek başlyklyk etmeginde geçiriljek çäreleriň düzümine GDA-nyň ýurtlarynyň derejesinde işewürlik hepdeligini geçirmegi teklip etdi.
Mejlisde 31-nji dekabrda wezipesi dolýan Lebedewi üç ýyllyk möhlete täzeden bellemek barada degişli ylalaşyga gelindi.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňişleýin düzümdäki mejlisi tamamlanyp, onuň ahyrynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Birnäçe wagtdan soň metbugat maslahaty geçiriler.