Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ženewa şäherinde Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň (MHG) ştab-kwartirasynda çarşenbe güni MHG-niň Baş direktory Antonio Witorino, şeýle hem BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi bilen duşuşdy.
Duşuşykda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Ýokary Komissar Türkmenistanyň raýatsyzlygyň öňüni almakda we azaltmakda gazanan öňdebaryjy tejribesiniň beýleki döwletlere görelde bolup durýandygyny bellemek bilen, ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan netijeli işleri üçin özüniň minnetdarlygyny bildirdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň raýatlygy bolmadyk 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek baradaky namasynyň örän möhümdigini we halkara derejesinde ykrar edilmäge mynasypdygyny belledi.
Şeýle hem çarşenbe güni Ženewada Milletler köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili bilen täzeden wezipä bellenilen BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşigiň dowamynda Baş direktor Baş Assambleýanyň 74-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary bilen tanyşdyryldy, şol sanda, bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak, öňüni alyş diplomatiýasy, durnukly ösüş bilen bagly meseleler hem-de ulag, ekologiýa, bosgunlar we raýatsyzlygy ýok etmek ýaly ynsanperwer meseleleri ulgamlaryndaky başlangyçlar we bitirilen işler bilen tanyşdyryldy.