Bolgariýanyň “Nova” telewideniýasynda anna güni habar berilmegine görä, Bolgariýanyň hökümeti poçta we elektron kommunikasiýalar hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy makullady.
Resminama kadalaşdyrylan maglumaty alyşmaga, bazar ýörelgelerine we aragatnaşyk ulgamynda çäklendirmeleri aýyrmaklyga bagyşlanandyr. Ylalaşyk iki tarapyň telekommunikasiýa we poçta operatorlarynyň arasynda göni hyzmatdaşlyk hakynda şertnamalaryň gol çekilmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
Ikitaraplaýyn ylalaşyga 2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara bolgar-türkmen toparynyň 4-nji mejlisiniň çäklerinde gol çekildi. Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.