Türkmenistan we Russiýa maglumat howpsuzlygy boýunça umumy beýannama kabul etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Russiýa maglumat howpsuzlygy boýunça umumy beýannama kabul etdiler
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki beýannamany kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki beýannamany kabul etdi.

Beýannamada iki döwletiň Baştutanlary häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny bikanun maksatlar, şol sanda halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnuklylygyny saklamagyň wezipeleri bilen bir ýere sygyşmaýan maksatlar bilen ulanmagyň döwletler, olaryň raýatlary we tutuş jemgyýet üçin howp döredip biljekdigi bellenýär.

“Şahsy maglumatlary bikanun toplamak we peýdalanmak bilen bagly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanylanda hyýanatçylyklaryň artýandygy barha äşgär duýulýar, bu bolsa, adamyň esasy azatlyklarynyň we hukuklarynyň, şol sanda şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine hukugynyň gönüden-göni bozulmagy bolup durýar” diýlip beýannamada aýdylýar.

Iki döwletiň Baştutanlary maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny özygtyýarly döwletleriň içerki işine gatyşmak, şeýle hem terrorçylyk maksatlary bilen we jenaýatlary, şol sanda kompýuter maglumatlaryna bikanun aralaşmak, zelel ýetiriji kompýuter programmalaryny döretmek, peýdalanmak we ýaýratmak bilen bagly jenaýatlary amala aşyrmak üçin ulanmagyň öňüni almak boýunça ähli zerur çäreleri görmäge dünýä bileleşigini çagyrýarlar.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň serhetüsti tebigatyna üns bermek bilen, Türkmenistanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlary maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça milli çäreleriň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn, sebitleýin hem-de ählumumy derejelerdäki birleşen hereketler arkaly üstüniň ýetirilmelidigine ynanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Prezidenti Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2019-njy ýylyň 5-nji aprelindäki Ylalaşygyň esasynda iki döwletiň özara arkalaşykly hereketiniň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärler.