Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Şahin Mustafaýew 11-nji oktýabrda Bakuda gurnalan owgan harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasynda Azerbaýjanyň Lapis Lazuli ulag ugry boýunça ýük akymlarynyň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy diýip “Azernews” gazeti habar berýär.
Mustafaýew “Biz Lapis Lazuli ulag ugry boýunça ýük akymlarynyň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirýäris we bu gün şu meseläni Owganystanyň Senagat we söwda ministri bilen ara alyp maslahatlaşdyk. Bu ugur önümleriň Azerbaýjana bolşy ýaly, üçünji ýurtlara hem iberiliş nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir. Biz bu ugry goldamagy dowam ederis” diýip belledi.
“Biz diňe söwdany däl, eýsem ulagy we üstaşyry ösdürmekçi. Azerbaýjan eýýäm ulag we üstaşyr merkezine öwrüldi we biz ony ulanmak isleýäris” diýip, Owganystanyň Senagat we söwda ministri Ajmal Ahmadi çäräniň dowamynda belledi.
2017-nji ýylyň noýabr aýynda Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe bäş ýurdy birleşdirjek “Lazurit” ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşyga gol çekdiler. Milli demir we gara ýollar eýýäm bu geçelgäniň ep-esli bölegini düzýär. Ylalaşyk ýük ulag logistikasyny we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge gönükdirilen. “Lazurit” geçelgesi 2018-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän Hyrat welaýatynda açyldy.
Demir we gara ýollar Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky Turgundi şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy porty bilen birleşdirýär. Türkmenbaşy şäherinden harytlar parom bilen Bakudaky porta çenli syýahat edip, ol ýerde demir ýol wagonlaryna ýerleşdirilip, Günorta Kawkazyň üsti bilen günbatara, ýagny – Ýewropa eltilip bilner.