Oktýabr aýynda Türkmenistanyň we Pakistanyň ýokary derejeli resmi wekilleri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bilen bagly duşuşyk geçirerler.
Pakistanyň “The Express Tribune” neşiriniň “Inter State Gas Systems” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Mobin Sualata esaslanyp berýän habaryna görä, türkmen wekiliýetiniň Pakistana etjek saparynyň dowamynda gaz geçirijiniň Pakistan böleginiň gurluşygyna başlanjak sene kesgitleniler.
Mart aýynyň 12-ne Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Yslamabat şäherinde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny kabul edýän Pakistanyň hökümeti bilen ylalaşyga gol çekipdi. Üstümizdäki hepdäniň dowamynda geçiriljek duşuşykda bu ylalaşygyň doly tamamlanan görnüşinden gelip çykýan hereket maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşylar.
Resminama “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasyna TOPH gaz geçirijiniň Pakistan bölegini işe girizmek we öňümizdäki 25 ýylyň dowamynda dolandyrmak hukugyny berer. Şunuň bilen baglylykda, Pakistan hökümeti kompaniýa degişli ýeňillikleri döreder. Bularyň hataryna dürli rugsatlar, wiza ýeňillikleri, ýer bilen üpjün etmek, kompaniýanyň şahamçasyny açmak, daşary ýurt walýutasyny geçirmekde dörediljek ýeňillikler girer.
2015-nji ýylyň dekabr aýynda Mary welaýatynda badalga berlen TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň fewral aýynda başlanypdy.
Umumy uzynlygy 1840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ol ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa tarap akdyrmaga mümkinçilik berer.