“Unilever” plastik ulanyşyny iki esse azaldar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Unilever” plastik ulanyşyny iki esse azaldar
Häzirki wagtda kompaniýanyň ýyllyk plastik ulanyş mukdary 700,000 tonna barabar.

“Clear”, “Lipton” we “Domestos” ýaly birnäçe meşhur brendiň eýesi “Unilever” kompaniýasy önümlerinde çig maldan öndürilýän plastik ulanylyşyny 2025-nji ýyla çenli iki esse azaltmagy maksat edinýär. Kompaniýanyň 7-nji oktýabrda ýaýradan metbugat beýanatyna görä, iňlis-nederland kompaniýasy ilkinji gezek ulanylýan plastik mukdaryny 100,000 tonna azaldar we gaýtadan işlenilen plastigiň ulanylyşyny ýaýbaňlandyrar.

Zibili azaltmak üçin plastik dolanşygynyň ähli tapgyrlaryna ýerlikli çözgütler öndürilmelidigini aýdan “Unilever”-iň direktory Alan Jöwp kompaniýanyň ähli önümleriniň gaplarynda gaýtadan işlemäge, birnäçe gezek ulanmaga mümkinçilik berjek plastik ulanyljakdygyny nygtady.

“Bu ýagdaý biziň önümlerimize we olaryň gaplaryna bolan çemeleşmämizi täzeden, düýpli gözden geçirmegimizi talap edýär. Gaplaryň gaýtadan ulanylýan ýa-da doldurylýan modelleri ýaly täze we innowatif çözgütleri we gaplama materiallaryny öňe sürmegimiz gerekli bolup durýar” diýip, Jöwp belledi.

“Unilever” kompaniýasy plastik bilen bagly maksatnamasynyň çäklerinde 2025-nji ýyla çenli ýyllyk 600,000 tonna golaý plastik zibilini ýygnamagy we gaýtadan işlemegi meýilleşdirýär. Munuň esasynda kompaniýanyň gaýtadan ulanylyşa gazandyrjak plastik önümleri satuwa goýberýän plastik gaplarynyň mukdaryndan “has ýokary” bolar diýip, direktor mälim etdi.

Häzirki wagtda kompaniýanyň ýyllyk plastik ulanyş mukdary 700,000 tonna barabar. 2025-nji ýyla çenli bu mukdaryň 100,000 tonnasyny plastik ulanylmaýan gaplar üpjün eder. Galan 250,000 tonnada bolsa, gaýtadan işlenilýän plastik gaplaryň ulanylyşy ýola goýlar. Şeýlelik bilen bellenen möhlete çenli “Unilever” kompaniýasynyň çig maldan ilkinji gezek öndürilýän plastik ulanyş mukdary 350,000 tonna çenli azalar. 

2022