Türkmen we hytaý diplomatlary döwlet Baştutanlaryň saparlaryny guramagyň wajypdygyny bellediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we hytaý diplomatlary döwlet Baştutanlaryň saparlaryny guramagyň wajypdygyny bellediler
Taraplar oba hojalyk, ulag, logistika, saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlary babatda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň geçiren duşuşygynda diplomatlar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryny guramagyň örän wajypdygyny belläp geçdiler.

Duşenbe güni geçen duşuşykda mundan başga-da, taraplar oba hojalyk, ulag, logistika, saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlary babatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwerlik ulgamdaky gatnaşyklaryň giňeldilmegi barada durup geçmek bilen taraplar Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmek we öňe sürmek boýunça dürli merkezleri döretmek, şol sanda bu ugurdaky özarabähbitli geljegi uly bolan taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hytaýly myhman Le Ýuýçeni kabul etdi. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky wajyp meseleler dogrusynda pikir alyşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022